Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Kontrterrorçylyk müdirliginiň başlygy bilen duşuşdy

17:2101.10.2019
0
3828

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolmagynyň çäklerinde BMG-niň Baş Sekretarynyň Orunbasary, Kontrterrorçylyk müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow bilen duşuşdy – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, taraplar BMG bilen Türkmenistanyň BMG-niň Global kontrterrorçylyk strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, BMG-niň agza döwletleriniň arasyndaky halkara terrorçylyga, ekstremizme we beýleki howplara garşy göreş ugrundaky borçnamalaryň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýän täsirli mehanizmleri döretmäge gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi bilen bagly meseleler toparynyň üstünde durlup geçildi.

BMG-niň Global kontrterrorçylyk strategiýasyny ýerine ýetirmekde Merkezi Aziýa üçin Hereketleriň sebitleýin meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns çekip, taraplar onuň üçünji tapgyrynyň üpjün edilmeginiň netijeliligi barada belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň