Soňky habarlar

Arhiw

«Bluetooth Came» SELB1SDG1 tehnologiýasy indi Türkmenistanda

16:5901.10.2019
0
11271

«Came» integrasiýa ulgamy siziň öýde özüňizi rahat duýmagyňyz üçin hyzmatlaryň uly toplumyny hödürleýär. Ulgamyň «Came Bluetooth» atly täze tehnologiýasy arkaly indi öýde suwaryş ulgamyny, otaglaryň gyzgynlyk we salkynlyk derejesini, gapylaryň awtomatik açylyp-ýapylyşyny, yşyklandyryş we gorag ulgamlaryny, elektro we gaz enjamlaryny aňsatlyk bilen dolandyrmak mümkindir.

«Bluetooth Came» SELB1SDG1 tehnologiýasy daşky täsirlere garşy göreşmekde ukyply bolup, ol, esasan, öýüň daşky böleginde ornaşdyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem SELB1SDG1 tehnologiýasy öýi ygtybarly goramakda hem ynamly kömekçiňize öwrülip biler.

«Bluetooth Came» SELB1SDG1 12 woltdan 24 wolt aralygyna çenli elektrik bilen işleýär. Ol IP54 gorag derejesine eýedir. Ol -20 dereje sowukdan +55 derejedäki gyzgyn howa aralygynda rahat işläp bilýär. Bu tehnologiýa mobil telefonyňyza birikdirilen «Came AutomationBT» programmasy arkaly işleýär.

50-den gowrak tehnologik önüm, 100-den gowrak taslama üçin ygtyýarnama alan CAME kompaniýasy Ýewropanyň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biridir. Dünýäniň dürli döwletleriniň ýaşaýjylary CAME «akylly» öý hyzmatlaryndan 1972-nji ýyldan bäri peýdalanyp gelýärler.

2014-nji ýyldan bäri bolsa öz işlerini has-da ilerlerden kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamaçasy bilen nähili habarlaşmaly? Ozal hem habar berşimiz ýaly, kompaniýanyň Türkmenistandaky resmi dileri Atamyrat Kerimkulow. Isleg bildiren ildeşlerimiz CAME tehnologiýalaryny şu salgydan satyn alyp bilerler: Aşgabat şäheri, Gurtly ýaşaýyş toplumy, 38-nji jaý. Şeýle hem, +99365812065 telefon belgisinden we www.came-tm.com saýty arkaly kompaniýanyň önümleri üçin ýüz tutup bilersiňiz.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň