Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kikboksçulary Russiýada geçirilen Dünýä kubogynda 10 medal gazandylar

16:5630.09.2019
0
6970

Russiýa Federasiýasynyň Anapa şäherinde «World Cup Diamon» ady bilen geçirilen dünýä kubogy ugrundaky X kikboksing ýaryşy tamamlandy. Ozal halkara ýaryşlarynyň synagyndan üstünlikli geçip ýören türkmenistanly kikboksçylar bu bäsleşikde hem ata Türkmenistanyň sport abraýyny mynasyp gorap, jemi 10 medala (3 altyn, 3 kümüş, 4 bürünç) eýelik etdiler ― diýip, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Ildeşlerimizden Muhammet Altybaýew (63,5 kg, low-kick), Hajymyrat Geldimämmedow (81 kg, low-kick) we Yslam Rahmedow (71 kg, low-kick) bäsleşigiň final bölegine çykdylar. Olaryň 3-si hem finalda ýer eýelerine wekilçilik edýän türgenlerden üstün çykyp, altyn medal gazandylar.

Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistana wekilçilik eden kikboksçylardan Goçmyrat Jumanyýazow (71 kg, K-1), Aýnazar Gylyjow (91 kg, low-kick) we Mekan Begmämmedow (54 kg, full-contact) kümüş medala mynasyp boldy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň tälim berýän kikboksçylarynyň ýene 4-si hormat münberiniň 3-nji gatyna çykdylar. Netijede, Akmyrat Akyýew (67 kg, K-1), Merdan Mämmedow (75 kg, low-kick), Şöhrat Ýagmyrow (75 kg, low-kick) we Taýlymyrat Ýegeleýew (67 kg, low-kick) Watanymyza bürünç medal bilen gaýdyp geldiler.

WAKA guramasynyň baýdagy astynda Anapada guralan ýaryşa dünýäniň 22 döwletinden 300-den gowrak türgen gatnaşdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň