Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

23:5429.09.2019
0
8627

29-njy sentýabrda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we ol ýerde atly gezelenç etdi – diýip, TDH habar berýär.

Bu ýerde milletiň Lideri bedewleriň idedilişi hem-de ýagdaýy, aýratyn-da, çapyşyga gatnaşýan atlaryň seýislenişi bilen gyzyklandy. Soňra Şapolat atly bedew ata atlanyp, ony çapuw ýodasyna çykardy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan dünýäde iri atşynaslyk merkezi hökmünde tanalýar, bedewlerimiz hem-de çapyksuwarlarymyz bolsa halkara sergileriniň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň we çapyşyklaryň ýeňijileri bolýarlar.

Ahalteke bedewleriniň dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak hem-de arassa tohumyny gorap saklamak maksadynda uly işler geçirilýär. Ýurtda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giň gerimde bellenilýändigini nygtamak gerek, onuň çäklerinde dürli çäreler, atlaryň gözellik bäsleşikleri, atçylyk sport ýaryşlary, sergi-ýarmarkalar guralýar. Edara jaýy Aşgabatda ýerleşýän, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi netijesinde, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Dürli döwletlerden alymlaryň, ippologlaryň, atşynaslaryň, genetikleriň, seçgiçileriň, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenleriň, tälimçileriň gatnaşmagynda ýurdumyzda halkara sergileri hem-de maslahatlary guralýar. Bu hem öz nobatynda ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny artdyrmaga ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň