TÝL ― 2019: Mihail Titowyň het-trik eden duşuşygynda «Altyn asyr» «Köpetdagy» uly hasap bilen ýeňdi

22:3729.09.2019
0
5718

Futbol çempionatymyzyň 20-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda “Altyn Asyr” “Köpetdagy” kabul etdi. Ýurdumyzyň geçen ýylky çempionynyň artykmaçlygynda geçen duşuşyk 5:1 hasabynda tamamlandy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

“Altyn Asyr” gazanan bu ýeňşinden soň toplan 44 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. 29 utugy bolan “Köpetdag” dördünji orny eýeleýär.

Futbol çempionatymyzyň 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary 19-njy hem-de 20-nji oktýabrynda geçiriler.

 Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 “Altyn Asyr” – “Köpetdag” – 5:1

Gollar:  Mihail Titow, 6, 50, 78, Resul Hojaýew, 54, Merdan Muhadow,87 (11 m.j.u.) ―  Baýramgeldi Gulmaýew, 25.

Duýduryşlar: 21 Seýitmyrat Çaryýew, 23 Myrat Annaýew, 85 Serdar Geldiýew, 86 Mekan Saparow, 89 Resul Hojaýew ― 45 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 45+4 Meýlis Diniýew, 87 Rasul Mahmydow.

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 250.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň