Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde iň beýik bina bolan Burj-Halifa binasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili janlandyryldy

12:2128.09.2019
0
94020

27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän we dünýäde iň beýik bina bolan Burj-Halifa binasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili janlandyryldy. Bu waka türkmen halky üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Mälim bolşy ýaly, BAE bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek boýunça degişli çözgütler kabul edilýär. Şeýlelikde, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilýändigini her ädimde görmek bolýar.

Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň şekiliniň bu binanyň ýüzünde janlandyrylmagy Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistana we hormatly Prezidentine bildirilýän belent sarpanyň ýene bir subutnamasyna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň