Türkmen wekiliýeti BMG-niň 74-nji mejlisine gatnaşýar

12:1828.09.2019
0
9908

28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde çykyş etmegine garaşylýar. Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary beýan ediler. Şeýle-de saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň