Soňky habarlar

Arhiw

Emmanuel Makron sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berýär

18:2527.09.2019
0
11406

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrondan hat gelip gowuşdy. Onda şeýle diýilýär: “Men ýurtlarymyzyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň, hususan-da, indi Daşary işler ministrliklerimiziň arasynda her ýyl geçirilýän geňeşmeler netijesinde giňelýän gatnaşyklaryň dowam edýändigine guwanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Ýewropa we daşary işler ministriniň ýanyndaky Döwlet sekretary Žan-Batista Lemuanyň  Aşgabada amala aşyran saparyny makullaýaryn, ol bu ýerde mähirli kabul edildi.  Men şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berýärin, 2019-njy ýylyň 11 —12-nji awgustynda Awazada Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Medeni, ylym hem-de bilim ulgamlarynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek,   Türkmenistanyň eýe bolan köp sanly artykmaçlyklaryny amala aşyrmak arkaly Siziň ýurduňyzyň ykdysadyýetini berkitmek maksady bilen  kompaniýalarymyzyň taslamalaryny goldamak babatda meniň hyjuwlylygyma bil baglap bilersiňiz”. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň