Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybelti ýöriş geçirildi

14:1727.09.2019
0
15435

Şu gün Aşgabatdaky Baş meýdanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybelti dabaraly ýöriş geçirildi. Onuň münberlerinde hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Aşgabada gelen toparlarynyň wekilleri, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalary bar. Biraz wagtdan münbere Türkemnistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem geldi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestriniň çalan dabaraly sazy baýramçylyk ýörişiniň başlanandygyny yglan etdi. Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýewiň Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatynyň gözden geçirilişine taýýarlyk barada hasabat bermegi bilen, milletiň Lideri ýörişi başlamaga rugsat berdi

Münberiň öňünden baýdak göterijiler topary, Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary, serkerdeler batalýony hem-de zenan harby gullukçylar, motoatyjy batalýonynyň esgerleri, Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary, asmana atyjylar batalýonynyň harby gullukçylary, deňiz-pyýada batalýonynyň harby gullukçylary, artilleriýa diwizionynyň şahsy düzümi, Goranmak ministrliginiň raýat goranyş we halas ediş baş müdirliginiň batalýonynyň harby gullukçylary, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýörite maksatly toparynyň harby gullukçylary, Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň harby gullukçylary, «Türkmen edermen» diýlip atlandyrylan ýörite maksatly batalýonyň esgerleri hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň we Içeri işler ministrliginiň atçylyk bölümleri münberiň öňünden gezekli-gezegine geçip gitdiler.

Soňra ýörişi harby tehnikalar dowam etdirdi. Olaryň arasynda «Combat Guard» kysymly harby awtoulag, «MRZR-D2», «MRZR-D4», «DAGOR», «AJBAN» kysymly harby awtoulaglar, «Land Rover» we «NIMR» kysymly sowutlanan awtoulagy, «AL SHIBL» kysymly harby awtoulaglar, «KARAKAL» kysymly söweşjeň tehnikalar,  BTR-80A kysymly söweş tehnikalary, ýörite maksatly toparlar üçin niýetlenen «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar we beýleki köp sanly tehnikalar bar.

Asmanda bolsa harby-howa güýçleriniň «Mi — 17» we «Mi — 8» kysymly dikuçarlary, döwlet serhedini goramak üçin ulanylýan «Agusta — 109» we «Agusta — 139» kysymly dikuçarlar peýda boldy. Şeýle hem «Eurocopter — 365», «Eurocopter — 145» kysymly dikuçarlar, «Diamond — 42», «Su — 25» kysymly söwşjeň uçarlar ýörişi dowam etdirdi.

Harby ýörişi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary jemledi.

Soňra münberiň öňünden ýurdumyzyň zähmetkeşleriniň dürli toparlary gezekli-gezegine geçip gitdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň