Soňky habarlar

Arhiw

Wladimir Putin: “Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge uly goşant goşýar”

13:1527.09.2019
0
13428

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gutlag hatyny ýollady. “Türkmenistan” gazetinde çap edilen gutlag hatynda, hususan-da, “Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanan üstünlikleri umumy ykrar edilendir. Siziň ýurduňyz halkara abraýa mynasyp bolup, Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge uly goşant goşýar. Dostlugyň we birek-biregi hormatlamagyň asylly däplerine esaslanýan rus-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belleýärin. Biziň döwletlerimiziň arasynda baý mazmunly gatnaşyklar, dürli ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Iki ýurduň halklarynyň bähbidine bilelikdäki tagallalarymyz bilen Russiýanyň we Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitjekdigimize ynanýaryn” diýlip bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň