Aşgabatda suwda ýüzmek boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty başlady

11:1727.09.2019
0
14051

Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasyndaky günlerde suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň ýetginjekleriň arasyndaky çempionatyna badalga berildi - diýip, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty ýazýar.

25-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Olimpiýa» suw sport toplumynda badalga berlen ýaryş Olimpiýa görnüşleri ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere goşant bolar.

30-njy sentýabrda suwda ýüzmek boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri belli ediler.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilýän bu ýaryşa okuwçy türgenler gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň