Soňky habarlar

Arhiw

"Aşgabat" köpugurly stadionynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabara geçirildi

09:4627.09.2019
0
7116

«Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň merkezi stadionynynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini beýan edýän dürli mazmundaky çykyşlary özünde jemleýän aýdym-sazly baýramçylyk tomaşasy ýaýbaňlandyryldy - diýip, TDH ýazýar.

Sport meýdançasynda dabara gatnaşyjylar Oguzhanyň ýyldyzyny şekillendirýärler. Onuň merkezinde «XXVIII» diýen ýazgy bar. Şanly sene ýurdumyz üçin ähmiýetli nyşanlaryň bezelmeginde şekillendirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Tomaşaçylaryň we ýygnananlaryň sesleri birleşip, adamlaryň kalbyny Watanymyza bolan buýsanç duýgulary dolduryp, halkymyzyň mizemez jebisligini alamatlandyrýar.

Çykyşlaryň başyny watançylyk duýgularynyň çuňlugyny, türkmenistanlylaryň mähriban Watanymyza bolan buýsanjyny beýan edýän aýdym-sazly kompozisiýa açdy. Kepderileriň tansyny şekillendirýän horeografiýa toparlarynyň çykyşy onuň dowamy boldy. Ýaýbaňlandyrylan hereketlerde bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatda daýanýan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýaly milli däpleriň sazlarda we tanslarda beýan edilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň gazananlary bolan Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň, dünýäde deňi-taýy bolmadyk döwrebap senagat kärhanalarynyň gurluşyklary baýramçylyk çykyşyna gatnaşyjylar tarapyndan döredijilikli çemeleşilipdir.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy — ak mermerli Aşgabady ösdürmäge aýratyn üns berýär. Şoňa görä-de, bu mowzuk hem çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Wideoşekiller arkaly görkezilen ýurdumyzyň baş şäheriniň täsin desgalary, ony gurmagyň taslamalary Watanymyzyň okgunly durmuşyny beýan edýär.

Stadionyň ylgaw meýdançasynda halkymyzyň köpasyrlyk buýsanjy we gymmaty bolan meşhur ahalteke bedewleri peýda bolýar. Hakykatdan-da, ajaýyp atlaryň gözelligine we okgunlylygyna, çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän atçylaryň çalasynlygyna haýran galýan tomaşaçylar olara agzybirlik bilen el çarpdylar.

Soňra toý ýörişi bilen türkmen alabaý tohumynyň wekilleri geçýärler. Çykyşlaryň bu bölegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” diýen täze kitabynyň mazmunyna beslenendir. Bu eser milli Liderimiziň halkymyzyň baý milli mirasyna bagyşlanan kitaplar tapgyrynyň dowamy bolup, Garaşsyzlyk gününe ildeşlerimize ajaýyp sowgat boldy.

Baýramçylyk çykyşlaryna «Çagalar — Watanymyzyň gülleri» diýen çykyş bilen çagalar tans toparlary goşulyşýar. Joşgunly aýdym-sazlar astynda hemme çagalar tans edýärler, dürli milli oýunlary oýnaýarlar. Tanslarda we belent heňli aýdymlarda bagtly ykbal, öz ajaýyp geljegine ynamly ýaşlygyň şatlygy wasp edilýär.

Çykyşlaryň aýratyn bölegi bereketli türkmen topragyna, tebigatyň gözelligine hem-de ekerançylaryň zähmetine bagyşlandy. Folklor we horeografiýa toparlary türkmen saçagynyň berekedini artdyran möwsümleýin oba hojalyk işlerini döredijilikli görkezýärler.

Soňra stadionyň meýdançasynda joşgunly aýdym-sazyň astynda türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda ajaýyp görkezme çykyşlar ýaýbaňlanýar. Olar sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlygyny görkezýär. Bu çykyşlar ýurdumyzda yglan edilen hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygaryň ähmiýetini özboluşly ýüze çykarýar.

Paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň aýdym-saz we horeografiýa çykyşlarynda nesil dowamaty, halkymyzyň medeni gymmatlygynyň deňsiz-taýsyz ähmiýeti beýan edildi. Şunda taryh depginli ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň şu güni bilen sazlaşykly utgaşdy.

Gadymy küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi çykyşlaryň jemleýji bölegine öwrüldi. Onda artistler türkmenistanlylaryň milli Liderimiziň töweregine jebisligini beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň ägirt uly işleriniň ählisi mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ýürekden söýýän Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilendir.

Sport meýdançasynyň merkezinde Garaşsyzlyk binasynyň şekili hem-de «XXVIII» diýen ýazgy peýda bolýar. Baýramçylyk dabarasy tamamlanyp barýar. Berkarar döwletimiziň şan-şöhratyny dünýä dolduran hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözleri uly joşgun, egsilmez buýsanç bilen beýan edilýär, çärä gatnaşyjylaryň ählisi we köp sanly tomaşaçylar Garaşsyz, Bitarap Watanymyza, öz Arkadagy — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen barýan halkymyza bagyşlanan aýdymy bilelikde ýerine ýetirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň