Soňky habarlar

Arhiw

«Altkom» maliýe-senagat topary Türkmenistanda täze taslamalary amala aşyrmaga taýýar

23:5326.09.2019
0
12408

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Altkom» maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi - diýip, TDH ýazýar.

Maliýe-senagat toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, milli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşynda açylan uly mümkinçilikleri belledi. Şunuň bilen baglylykda, myhman milli Liderimiziň Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berdi. Bu forum ilkinji gezek Awazada geçirildi hem-de uly üstünlige eýe bolup, netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrüldi.

Myhman işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp, ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijidigini hem-de gatnaşyklaryň, şol sanda dürli desgalary we awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyň uly kuwwata eýedigini belledi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan dürli taslamalara gatnaşmagy babatdaky teklipleri beýan etdi hem-de «Altkomyň» jogapkärli wezipeleri çözmek üçin özüniň ähli inžener-tehniki mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ukrainaly hyzmatdaşlaryň özara gatnaşyklara işewür çemeleşmesini makullap, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrýan Türkmenistanyň dostlukly ýurduň kompaniýalarynyň pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryna hem-de ulag ulgamynda iri taslamalara gatnaşmagyna degişli tekliplere garamaga hemişe taýýardygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň