Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

23:3526.09.2019
0
4981

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda holdingiň ýolbaşçysy kompaniýa ynanylan desgalarda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi hem-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly täze teklipleri hödürledi.

Türkmenistanda amala aşyrylýan halk hojalyk toplumynyň strategik taýdan möhüm pudaklaryny ösdürmek baradaky maksatnamalar bilen baglylykda açylýan mümkinçilikler söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Şu babatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kompaniýa ynanylan taslamalar ýerine ýetirilende ýokary hil talaplarynyň hem-de gurluşyklaryň şertnamada bellenilen tertibiniň we desgalary ulanmaga bermegiň möhletiniň berjaý edilmeginiň zerurdygyna işewüriň ünsüni çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň