Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

23:2726.09.2019
0
6886

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi - diýip, TDH ýazýar.

Işewür döwlet Baştutanymyz bilen mähirli görşüp hem-de duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ýetip gelýän umumymilli baýram—Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we köptaraply işlerinde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

«Çalyk Holdingiň» ýolbaşçysy türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny nygtap, ýurtda döredilen maýa goýum ýagdaýynyň milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini kemala getirmäge, durmuş ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilen, iri özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýän ýeri bolan Türkmenistana halkara işewür toparlarynyň barha artýan gyzyklanmasyny şertlendirýändigini belledi.

Türk işewüri döwrüň wajyp meselelerini çözmek boýunça milli Liderimiziň başlangyçlarynyň möhümdigini we şunuň bilen baglylykda, oňyn sebitara hyzmatdaşlygyny, netijeli işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmekde şu ýylyň awgust aýynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň taryhy ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň innowasion taýdan ösmek, halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak we düýpli döwrebaplaşdyrmak ýörelgesine eýermek bilen daşary ykdysady gatnaşyklaryny has-da giňeltmek strategiýasyny durmuşa geçirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz senagat we durmuş maksatly täze desgalary gurmak babatda, ulag ulgamynda we energetikada iri özara bähbitli taslamalary amala aşyrmaga Holdingiň gatnaşmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türk işewüri köpýyllyk hyzmatdaşlygy dowam edip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmagyň öz kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, bilelikdäki birnäçe taslamalaryň öňe ilerledilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, bellenilen meýilnama laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň ugrunda kuwwatlylygy 500 kilowolt bolan elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň türkmen tarapynyň hökmany şerti bolandygyna we şeýle bolmagynda galýandygyna hem-de gurulýan desgalaryň şertnamada göz öňünde tutulan möhletde ulanmaga tabşyrylmagynyň mizemez talapdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek çuňňur hoşallyk bildirdi hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň