Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

23:2626.09.2019
0
4293

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy kabul etdi.

Duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň, köprüleriň hem-de demir ýol düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna işjeň gatnaşýan «NATA Holding» bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň netijelerine ýokary baha bermek bilen, işewür ulag ulgamynda täze bilelikdäki taslamalar babatda birnäçe tekliplerini beýan etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara bähbitli işewür gatnaşyklary berkitmek meselelerine türk hyzmatdaşlarynyň netijeli çemeleşýändigini nygtap, ýol-ulag desgalary gurlanda, täze tehnologik çözgütleri we öňdebaryjy ylmy işleri peýdalanmak, gurluşygyň ýokary hilini üpjün etmek potratçy kompaniýalara bildirilýän esasy talap bolmagynda galýar diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň