Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly zenanlaryň altysy "Zenan kalby" ordeni bilen sylaglanyldy

17:3126.09.2019
0
6398

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen şu raýatlar Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy:

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 81-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Halsoltan Azizowa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki G.Burunow adyndaky 2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Oguljemal Döwliýewa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher hassahanasynyň deri keselleri bölüminiň hojalyk uýasy Annasoltan Gurbangulyýewa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Hesel Arazklyçewa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Darganata etrap bilim bölüminiň müdiri Rena Atajanowa,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň gözegçi ussasy Orazgül Nurimradowa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň