Arhiw

Türkmenistanyň futbol Kubogynyň ýarym finallarynyň geçiriljek wagtlary belli boldy

16:3426.09.2019
0
3969

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finallary noýabr aýynda geçiriler. Ýarym finalda “Altyn Asyr” – “Aşgabat” bilen “Köpetdag” bolsa “Ahal” topary bilen duşuşýar. Ýurdumyzyň Kubogynyň birinji ýarym finallary 2-nji noýabrda, jogap duşuşyklary bolsa 29-njy hem-de 30-njy noýabrda geçiriler. Final oýny bolsa 12-nji dekabrda geçiriler - diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň birinji duşuşyklary:

02.11.2019 ý. (şe.) “Altyn Asyr” – “Aşgabat”

02.11.2019 ý. (şe.) “Köpetdag” – “Ahal”

Türkmenistanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap duşuşyklary:

29.11.2019 ý. (an.) “Aşgabat” – “Altyn Asyr”

30.11.2019 ý. (şe.) “Ahal” – “Köpetdag”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň