AFK-nyň kubogy - 2019: Interzolagyň we Günbatar zolagyň finallarynyň ilkinji duşuşyklarynda ýeňiji ýok

16:1726.09.2019
0
3292

AFK-nyň kubogy - 2019-da birbada iki zolakda - Interzolak we Günbatar zolakda final duşuşyklaryna badalga berildi. 

Interzolagyň finalynyň ilkinji duşuşygynda Wýetnamyň "Hanoýy" öz meýdanynda KHDR-nyň "25-nji aprel" topary bilen deňme-deň oýnady. Duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Duşuşygyň netijesi Demirgazyk Koreýanyň toparyna jogap duşuşygy üçin azda-kände mümkinçilik berýär.

Jogap duşuşygy 2-nji oktýabrda Phenýanyň Kim Ir Sen adyndaky stadionynda geçiriler.

"Hanoýyň" Interzolagyň ýarym finalynda Aşgabadyň "Altyn asyryndan" üstün çykandygyny (5:4) ýatladýarys.

Günbatar zolakdaky "Al-Ahed" (Liwan) - "Al-Jazira" (Iordaniýa) duşuşygy golsuz deňme-deňlik bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň