Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda dürli hünärdäki adamlara ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy

08:4826.09.2019
0
2817

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna goşan ägirt uly şahsy goşantlary üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, düzümleýin guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy.

Döwlet sylaglaryny buýsanç duýgusy we tolgunma bilen kabul eden adamlar işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň her bir ýyly şanly syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýar.

Dabaralarda Halk Maslahatynyň Aşgabatda geçirilen ikinji mejlisinde kabul edilen täze wajyp çözgütleriň döwletimiziň okgunly ösüşine kuwwatly itergi berjekdigi hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigi aýratyn nygtaldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň milletimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň berkidilmegine, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi ugrunda güýç-gaýratlaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň