Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy «Futsal Week Autumn Cup» halkara ýaryşynyň finalynda Belgiýadan asgyn geldi

20:1325.09.2019
0
5483

Horwatiýanyň Poreç şäherinde futzal boýunça geçirilen halkara ýaryşyna gatnaşan Türkmenistanyň milli ýygyndysy kümüş medala mynasyp boldy. Biziň ýygyndy toparymyz aýgytlaýjy duşuşykda Belgiýanyň ýygyndysyndan 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde Mülkaman Annagulyýew tapawutlanmagy başardy - diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda Saud Arabystanynyň ýygyndysy 3:2 hasabynda Garadagyň (Montenegro) ýygyndysyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.

«Futsal Week Autumn Cup» halkara ýaryşyna milli ýygyndylaryň altysynyň (Türkmenistan, Belgiýa, Garadag (Montenegro), Saud Arabystany, Norwegiýa, Grenlandiýa) gatnaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň