Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahaty geçirildi

10:1925.09.2019
0
13157

Şu gün – 25-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etmeginde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany maksatnamalaýyn çykyş etdi. Ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň barşy barada durup geçdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmek, iki palataly ulgama geçmek bilen bagly birnäçe teklipleri beýan etdi we olar bilen bagly ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri taýýarlamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda köp sanly raýatlara döwlet sylaglary gowşurdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň