Soňky habarlar

Arhiw

Taksi ulaglaryň 70-si, ýük ulaglarynyň 800-si satyn alyndy

22:5824.09.2019
0
2352

“Türkmenawtoulaglary” agentligine 2019 – 20121-nji ýyllarda satyn almaga ygtyýar berlen “KAMAZ 6520” kysymly awtoulaglaryň 800-si Türkmenistana getirildi. Ýurduň gurluşyklarynyň dürli ugurlaryna hyzmat etmekde ulanyljak ýük daşaýjy ulaglar işiň öz wagtyna ýerine ýetirilmegine ýardam berer. Kuwwatly tehnikalar agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalara paýlanyldy.

Şeýle-de, ýolagçy ulaglaryň sanyny artdyrmakda we olaryň iş tertibini sazlaşdyrmak maksady bilen, Ýaponiýanyň “TOÝOTA COROLLA” kysymly taksi ulaglarynyň 70 sanysy satyn alyndy. Olar häzirki günlerde kesgitlenen ugurlar boýunça hereket edip başladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň