Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Horwatiýada geçirilýän halkara ýaryşyň finalyna çykdy

22:5023.09.2019
0
7274

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Horwatiýada geçirilýän «Futsal Week Autumn Cup» halkara ýaryşynyň finalyna çykdy. Robert Grdowiçiň şägirtleri üstünlikli ýoly dowam etdirip, «A» toparçada birinji orny eýelediler. Olar topardaky ikinji duşuşygyndaÇernogoriýanyň ýygyndysyny 6:3 hasabynda ýeňdiler.

Final tapgyrynyň duşuşyklary 25-nji sentýabrda geçiriler. Şol gün bäşinji orun ugrunda Norwegiýa bilen Grenlandiýanyň, üçünji orun ugrunda Çernogoriýa bilen Saud Arabystanynyň ýygyndylary duşuşar. Finalda bolsa biziň ildeşlerimiziň garşydaşy Belgiýanyň ýygyndysy bolar.

Toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklaryň netijeleri:

21.09.2019 ýyl (I tapgyr)

Grenlandiýa – Saud Arabystany – 5-6 (3-2)

Norwegiýa – Türkmenistan – 1-1 (1-1)

22.09.2019 ýyl (II tapgyr)

Belgiýa –  Grenlandiýa – 6-4 (4-2)

Çernogoriýa –  Norwegiýa – 3-2 (1-0)

23.09.2019 ýyl (III tapgyr)

Saud Arabystany – Belgiýa –  3-5 (2-3)

Turkmenistan – Çernogoriýa – 6-3

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň