Türkmenistanly hünärmenler futbol boýunça ýetginjekleriň arasynda geçiriljek Aziýa çempionaty ― 2020-niň saýlama tapgyrynyň duşuşygyna eminlik etdilerf

22:0523.09.2019
0
4736

Türkmenistanly eminler ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionaty ― 2020-niň saýlama tapgyrynyň Siriýa ― Pakistan (1:1) duşuşygyna eminlik etdiler.

«D» toparçanyň bu duşuşygy Saud Arabystanynyň Dammam şäherinde geçirildi. Aşgabatly, FIFA derejeli emin Çarymyrat Gurbanow duşuşygyň baş emini boldy. Oňa watandaşymyz, FIFA derejeli emin Ahmet Begnazarow bilen Koreýa Respublikasyndan gelen hünärmen Syn Son Kwak ýardam berdi. Duşuşygyň ätiýaçdaky emininiň wezipesini bolsa Ç Sang-Hýol (Koreýa Respublikasy) ýerine ýetirdi.

Aziýa çempionaty ― 2020-niň final tapgyrynyň duşuşyklary indiki ýylyň 16-njy sentýabry ― 3-nji oktýabry aralygynda Bahreýnde geçiriler. 11 toparçanyň ýeňijisi bolan ýygyndylar: Täjigistan («A» toparça), Hindistan («B» toparça), Eýran («C» toparça), Saud Arabystany («D» toparça), Katar («E» toparça), BAE («F» toparça), Hytaý («G» toparça), Aswtraliýa («H» toparça), Ýaponiýa («J» toparça) we Koreýa Respublikasy («K» toparça) jemleýji ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şeýle hem olara ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy dördüsi goşuldy. Olar  «Ýemeniň» («E» toparça), Indoneziýanyň («G» toparça), Özbegistanyň («B» toparça) we Omanyň («D» toparça) ýygyndylarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň