Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmensenagat» agentliginiň düzüminde açyk görnüşleri paýdarlar jemgyýetleri dörediler

13:4422.09.2019
0
987

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew döwlet Baştutanyna «Türkmensenagat» agentliginiň edara-kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi ― diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, senagat pudagyny bazar ykdysadyýetine geçirmegiň şertlerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň düzümine seljeriş işleri geçirildi. Hususan-da, bu agentligiň binýadynda birnäçe düzümleriň paýly gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerini döretmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany senagat pudagynyň hereket edýän gaýtadan işleýän we önümçilik kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy baradaky meselä ünsi çekip, şu maksatlar üçin ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň mümkinçiliklerini işjeň çekmegiň möhümdigini belledi. Bu bolsa olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmensenagat» agentliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň