Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň döwrebap saglygy goraýyş merkezlerinde ilata edilýän hyzmatyň gerimi giňeýär

13:4022.09.2019
0
1408

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow döwlet baştutanyna döwrebap tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmagyň hasabyna lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň birnäçesini, hususan-da, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş, Halkara iç keselleri hem-de Halkara «Ene mähri» merkezlerini döwrebaplaşdyrmak barada hasabat berdi.

TDH-nyň bu baradaky habarynda hem aýdylyşy ýaly, şu maksat bilen, öndürijilerden ýa-da olaryň resmi wekillerinden zerur bolan lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak boýunça bäsleşigi hem-de bu merkezleriň tehniki ulgamlarynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bellenen tertibe laýyklykda, bäsleşik geçirildi.

Şu ýyl sanly lukmançylygy ösdürmek hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýokary tehnologiýalary ulanmak forumyň esasy meseleleriniň biri boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan saglygy goraýşyň sanly ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasynda bu ulgamdaky wezipeler hem-de olary çözmek boýunça toplumlaýyn çäreler kesgitlenildi. Şol strategiýada saglygy goraýyş edaralarynyň ählisini optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmek, olary kompýuterleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Bularyň ählisi ýaşaýan ýerine garamazdan, ilat üçin döwrebap halkara ölçegleriň derejesinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmakda deň mümkinçilikleri döretmäge hem-de jemgyýetiň sanly aragatnaşyk şertlerine uýgunlaşmagyna ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň