Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda aralyk hasyly ýygnamak işi gyzgalaňly dowam etdirilýär

13:1522.09.2019
0
835

Lebap welaýatynyň oba zähmetkeşleri aralyk ekinlerden bol hasyl almagyň hötdesinden geldiler. Häzirki wagtda giçki aralyk we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak işi gyzgalaňly dowam etdirilýär ― diýip, «Jeyhun.news» ýazýar.
  Şu ýyl welaýatyň daýhan birleşikleriniň bugdaýdan boşan  6 müň gektardan gowrak ýerine aralyk we mallar üçin ot-iýmlik ekinleri ekildi. Bellenilen meýilnama laýyklykda gök ekinleri 1885 gektara, bakja ekinleri 2100 gektara, şol sanda, pomidor 545, ýeralma 1147, sogan 50, kelem 143, käşir 450 gektar meýdana ekildi we bu ekinlerden bol hasyl ýetişdirildi. Aralyk ekinleriň eýýäm ençeme tonnalary ýygnalyp, ak bazarlarymyza ugradyldy. Bu görkeziji ýene-de artar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýan tejribeli daýhanlarymyz ýetişdiren gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak işlerini gowşamaýan depginde dowam etdirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň