Soňky habarlar

Arhiw

Darganata etrabynda döwrebap şäherçe gurulýar

13:0822.09.2019
0
2227

Döwrebap şäherçede binalaryň we desgalaryň uly toplumy gurulýar. Hususy kärhanalaryň we telekeçileriň 20-ä golaýynyň işjeň gatnaşmagynyň netijesinde gurluşyk işleriniň depgini ýokarlanýar. Şäherçede binalaryň 7-siniň gurluşygy tamamlandy ― diýip, «Jeyhun.news» ýazýar.Olar aragatnaşyk bölüminiň, süýdi gaýtadan işleýän we alkogolsyz içgileri taýýarlaýan zawodlaryň, awtoulaglara hyzmat ediş nokadynyň, azyk önümleri dükanlaryň 2-siniň, maldarçylyk fermasynyň binalarydyr. Gurluşygynyň şu ýylyň aýagyna tamamlanmagyna ynam bildirilýän täze şäherçäniň ilatynyň ýokary hilli içimlik suw bilen üpjünçiligi hem göz öňünde tutuldy. Şu maksat bilen bir gije-gündiziň dowamynda 10 müň kub metr suwy arassalap sarp edijilere paýlamaga niýetlenilen suw arassalaýjy desga gurulýar. Ony „Demir gap“ hususy kärhanasy gurýar. Gurluşygyň tamamlaýjy tapgyryna girişildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň