Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisi öz işine başlady

01:5822.09.2019
0
1195

17-nji sentýabrda dünýäniň abraýly halkara guramasy hasaplanýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisi öz işine başlady. Oňa Nigeriýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Tijani Muhammad-Bande başlyklyk edýär. Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň başlanmagy mynasybetli geçirilen ilkinji sessiýanyň ýygnagyna BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş hem gatnaşdy. Ol öz çykyşynda agza döwletleriň wekillerini 74-nji mejlisiň başlanmagy bilen gutlap, howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş, ösüşi maliýeleşdirmek, ählumumy saglygy goraýşy gazanmak, ösüp barýan kiçi ada döwletlerini goldamak babatda geçiriljek 5 sany ýokary derejedäki ýygnagyň ähmiýeti barada durup geçdi. Bu ýygnaklar mejlisiň birinji hepdesinde guralar.

Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň Başlygy Tijani Muhammad-Bande hem öz gezeginde ählumumy howpsuzlygyň hemde durnuklylygyň üpjün edilmegi, ykdysady we durmuş ösüş ugurlarynda netijeli ösüşleriň gazanylmagy, daşky gurşawyň goralmagy ýaly ugurlarda tagallalaryň ediljekdigini mälim etdi.  

Mälim bolşy ýaly, geljek ýyl dünýä jemgyýetçiligi Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyny bellär. Guramanyň ýubileý ýylynyň döwletleriň arasyndaky jebisligiň hasda berkemegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň umumy ýygnagy 24-nji sentýabrda başlanýar. Onda 97 ýurduň döwlet Baştutany, 5 wiseprezident, 46 hökümet Baştutany we 38 ministr çykyş eder. Şeýle hem köp sanly ikiçäk duşuşyklar geçiriler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine Türkmenistan hem gatnaşýar. Türkmenistan öz gezeginde bu sessiýanyň belent münberinden ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş, suw, energetika, ulag ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň hasda işjeňleşdirilmegine gönükdirilen köp sanly teklipleri hemde başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň garamagyna hödürlär. Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň başlanmagynyň öň ýanynda 73-nji mejlis öz işini tamamlady. Oňa ekwadorly Mariýa Fernanda Espinosa başlyklyk edipdi. Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisiniň çäklerinde 347 Kararnama (Rezolýusiýa) kabul edildi. Şeýlelikde, bir ýylyň dowamynda Baş Assambleýanyň 108 plenar ýygnagy geçirildi. Mariýa Espinosanyň başlyklyk eden döwründe gender deňligi, durnukly ösüş, daşky gurşaw hemde ummanlaryň hapalanmagyna garşy göreşmek ýaly ugurlara has köp üns berildi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 11–12nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Onuň çäklerinde geçirilen möhüm çäreleriň netijeleri Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynda öz beýanyny tapdy. Şol resminama hem 2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi hemde BMGniň resmi dillerinde çap edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň