Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Norwegiýanyň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnady

23:2121.09.2019
1
12547

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Horwatiýada geçirilýän «Futsal Week Autumn Cup – Poreč 2019» atly halkara ýaryşdaky ilkinji duşuşygynda Norwegiýanyň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnady. Bu barada Norwegiýanyň Futbol assosiasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şenbe günündäki duşuşyk Horwatiýanyň Poreç şäherinde geçirildi. Ol 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Bütindünýä futzal reýtinginde türkmen futzalçylary 73-nji, Norwegiýanyň ýygyndysy bolsa 79-njy orny eýeleýär.

Türkmen futzalçylary ýaryşdaky indiki duşuşygyny 23-nji sentýabrda Çernogoriýanyň ýygyndysy bilen geçirer. Ýöne ertir biziň ildeşlerimiziň Saud Arabytsanynyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigini hem ýatladýarys. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň