Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedow Gyrgyzystanyň çempionatynda poker etdi

18:3921.09.2019
1
4740

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň we Bişkegiň «Dordoýynyň» hüjümçisi Wahyt Orazsähedow Gyrgyzystanyň çempionatynda Oş şäheriniň «Akademiýa-Lideri» bilen geçirilen duşuşykda dört gezek tapawutlandy diýip, «Dordoýyň» resmi saýty habar berýär.

Bişkekde, «Dordoýyň» öz meýdanynda geçirilen duşuşyk 8:0 hasabynda tamamlandy. Duşuşykdaky pokeriň eýesi Wahyt Orazsähedow bolsa iň gowy oýunçy diýlip yglan edildi. Ol jemi 12 gol bilen Gyrgyzystanyň çempionatynyň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda üçünji orny eýeleýär.

20 duşuşykdan soňra 45 utuk toplan «Dordoý» häzir çempionatyň liderleriniň biridir. Topar çempionatdaky indiki duşuşygyny 28-nji sentýabrda geçirer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň