Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanda «Halkara maglumat merkezini» döretmek meýilleşdirilýär

12:4721.09.2019
0
354
Türkmenistanda «Halkara maglumat merkezini» döretmek meýilleşdirilýär

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat bermek bilen, Türkmenistanyň halkara maglumat işini ösdürmek, dünýäniň esasy habar beriş serişdeleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dürli ýurtlaryň daşary syýasat edaralary hem-de ugurdaş ýöriteleşdirilen düzümleri bilen maksada gönükdirilen işler geçirilýär. Netijede, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça anyk teklipler taýýarlanyldy. Şeýle-de, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek boýunça degerli çäreler görülýär. Goňşy ýurtlaryň we sebitiň beýleki döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen habarlary alyşmak, gatnaşyklary ýola goýmak boýunça işler dowam edýär. Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň sanyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär.

Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işleýän çäklerini giňeltmek boýunça anyk çäreler görülýär. Milli habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmekde döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň işjeň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara maglumat merkezini» döretmek maksada laýyk hasaplanylýar, onda degişli ugurda öňdebaryjy gazanylanlary peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň