Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze ýubileý medallary dörediler

12:0121.09.2019
0
8074

20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer R.Meredowa ýüzlenip, geljek ýyl Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 25 ýyl dolýandygyny belledi. Şoňa görä-de, bu şanly senä bagyşlap halkara maslahaty geçirmek, türkmen diplomatlary daşary ýurtlarda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara guramalarda çykyşlaryny guramagyň zerurdygyny belledi.

Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe wise-premýer R.Meredow bilen bilelikde ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan ýubileý medalynyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Şeýle-de, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsylygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilmegi bilen baglylykda, döwlet Baştutany Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde mynasyp adamlary sylaglamak üçin Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýubileý medalynyň hem taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy we bu şanly baýramçylygy geçirmegiň anyk çäreleriniň bolsa şanly waka golaýlaşanda doly kesgitleniljekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň