Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary hususylaşdyrylýar

11:2321.09.2019
0
18353

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji sentýabrdaky mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow bazar gatnaşyklarynyň esasynda Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek hem-de döwlet Baştutanynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerini bu pudaga netijeli çekmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi ― diýip, TDH ýazýar.

Häzirki wagtda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde syýahatçylyk kärhanalarynyň bellenen tertipde hususylaşdyrylandygy hem-de olaryň işini ulgamlaýyn dolandyrmak üçin birleşmäniň garamagynda syýahatçylyk kärhanasynyň döredilendigi barada habar berildi.

Täze düzümiň esasy wezipeleri ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamakdan, bu ulgamda dürli çäreleri geçirmekden, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, dünýä tejribesini öwrenmekden hem-de daşary ýurtlaryň iň gowy tejribelerini ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Hyzmatlaryň tutuş ulgamyny öz içine alýan pudagy sanly ulgama geçirmek bu ugurda esasy çäreleriň biri bolar. Munuň özi syýahatçylyk işewürliginiň has çeýe bolmagyny, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelmegini hem-de «sanlar dünýäsinde» bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Döwrebap maglumat ulgamy Türkmenistan boýunça syýahatlaryň has elýeterli bolmagyna ýardam eder hem-de syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini we içerki ugurlaryň köpüsiniň özüneçekijiligini ýokarlandyrar. Şeýlelikde, pudagyň sanly ulgama geçirilmegi onuň syýahatçylyk serişdelerini netijeli ulanmaga hem-de işewürlik çärelerini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berer, ýurdumyzyň syýahatçylyk önümlerini daşarky bazarlarda wagyz etmäge ýardam berer. Döredilen syýahatçylyk kärhanasy daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklary baglaşmagy hem-de daşary ýurtlaryň birnäçesinde wekilhanalary açmak boýunça çäreleri meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň