Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy şäherinde Deňizçilik okuw merkezi dörediler

10:5721.09.2019
0
10085

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda döwrebap hem-de ugurdaş käriň hünärmenlerini taýýarlamak üçin ýörite tälim beriş enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Deňizçilik okuw merkezi dörediler. Bu barada wise-premýer M.Çakyýew 20-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

Hasabaty diňlän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, deňizde ylmy barlaglary geçirmegiň, deňiz ugurly hünäriň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy we deňizçilik okuw merkeziniň döredilmegi boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň zerurdygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň