863 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi

23:5820.09.2019
0
11376

20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, dürli taryhy ýagdaýlara görä raýatlygy bolmadyk 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlaryň ählisine bir aýyň dowamynda pasportlaryň berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Welaýatlaryň häkimlerine bolsa, raýatlyga kabul edilen adamlara pasportlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny guramak we zerur bolanda bu adamlara işe ýerleşmäge hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge ýardam bermek barada görkezme berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň