Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy (U-16) Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygynda hem ýeňildi

17:5820.09.2019
1
7461

Türkmenistanyň 16 ýaşa çenli ýetginjekler futbol ýygyndysy Aziýa çempionaty ― 2020-niň final tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitirdi. Türkmen futbolçylary Daşkentde geçirilýän saýlama ýaryşyň ikinji duşuşygynda hem utuldy diýip «Championat.asia» habar berýär.

Biziň ildeşlerimiziň ikinji tapgyrdaky garşydaşy Özbegistanyň ýetginjekler ýygyndysy boldy. «Jar» stadionynda ýerli ýygyndy bilen duşuşan Batyr Şyhyýewiň şägirtleri garşydaşlaryndan 2:3 hasabynda asgyn geldiler.

Ikinji tapgyrda «B» toparçada Hindistan bilen Bahreýniň ýygyndylarynyň arasynda hem duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda hindi futbolçylary garşydaşlarynyň derwezesine jogapsyz pökgüleriň 5-sini geçirdi.

Birinji tapgyrda türkmen futbolçylarynyň hem Hindistanyň ýygyndysyndan 0:5 hasabynda asgyn gelendigini ýatladýarys.

Iki tapgyrdan soňra 10 pökgi geçiren Hindistanyň ýygyndysy 6 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Özbegistanyň ýygyndysynda hem 6 utuk bar, ýöne olaryň ýaryşda geçiren gollarynyň sany hindi futbolçylarynyňkydan az. Biziň ildeşlerimiz bilen Bahreýniň ýygyndysyna bolsa utuk gazanmak heniz başardanok.

22-nji sentýabrda biziň ildeşlerimiz üçünji tapgyrda Bahreýniň ýygyndysy bilen duşuşar.

16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynyň final tapgyry 11 toparçanyň ýeňijisiniň we iki orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy dördüsiniň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 16-njy sentýabryndan 3-nji oktýabryna çenli Bahreýnde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň