Soňky habarlar

Arhiw

Ýetginjek futolçylaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçiriler

17:3920.09.2019
0
179
Ýetginjek futolçylaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda ýurdumyzyň sport mekdepleriniň futbol toparlarynyň ýetginjek futbolçylarynyň arasynda futbol ýaryşy geçiriler. 2006-njy ýylda doglan futbolçylaryň arasynda geçiriljek ýurdumyzyň birinjiligine ilki welaýatlarda zolaklaýyn ýaryşlar bilen badalga berler. Welaýatlarymyzda geçiriljek zolaklaýyn ýaryşlaryň ýeňijileri bilen birlikde paýtagtymyzda guraljak Merkezi zolagyň ilkinji üç ornuny eýelän toparlar noýabr aýynda geçiriljek jemleýji bäsleşikde çykyş etmäge mümkinçilik alarlar ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Merkezi zolagyň duşuşyklary Aşgabatda geçirilip, ýeňiji bir aýlawdan ybarat bolan bäsleşikde kesgitlener. Bu bäsleşik 22-nji sentýabrda başlanyp, 13-nji oktýabra çenli dowam eder.

Paýtagtymyza wekilçilik edýän toparlaryň gatnaşmagyndaky Merkezi zolagyň geçiş tertibi:

1. FK.ALTYN TÄÇ. AŞGABAT.

2. FK. BAGYR. AŞGABAT.

3.FK.AK ALTYN. AŞGABAT.

4.FK.DOSTLUK . AŞGABAT.

5.FK.LAÇYN. AŞGABAT.

6.FK.ŞATLYK. AŞGABAT.

 

22.09.2019 ý. I tapgyr

1. 16;00 Altyn täç – Şatlyk

2. 08:30 Bagyr – Laçyn

3. 10:00 Ak altyn – Dostluk

 

29.09.2019 ý. II tapgyr

4. 10:00 Şatlyk – Dostluk

5. 08:30 Laçyn – Ak altyn

6. 16:00 Altyn täç – Bagyr

 

03.10.2019 ý. III tapgyr

7. 08:30 Bagyr – Şatlyk

8. 17:00 Ak altyn – Altyn täç

 9. 10:00 Dostluk – Laçyn

 

06.10.2019 ý. IV tapgyr

10. 10:00 Şatlyk – Laçyn

11. 16:00 Altyn täç – Dostluk

12. 08:30 Bagyr – Ak altyn

                                                

13.10.2019ý. V tapgyr

13. 08:30 Ak altyn – Şatlyk

14. 10:00 Dostluk – Bagyr

15. 16:00 Laçyn – Altyn täç

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň