Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanyň ilçisiniň Türkmenistandaky diplomatik işi tamamlandy

14:0820.09.2019
1
3332

19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň biziň ýurdumyzdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mirwaýs Nab bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilýändigini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda ýazylmagyna görä, Ilçi Mirwaýs Nab özüniň ýurtdaky diplomatik işini durmuşa geçirmekde beren kömegi üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly ýollar arkaly kadalaşdyrylmagyna hem-de onuň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine Türkmenistan tarapyndan ähmiýetli goşant goşulýandygyny belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň