Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň Mary şäherindäki Baş konsuly bilen duşuşyk geçirildi

13:5020.09.2019
1
3568

19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly Rasul Jafari bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ugurlary dogrusynda gürrüň etdiler. Mary welaýatynyň we Horasan-e-Rezawi welaýatynyň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky we konsullyk hyzmatlarynyň berilmegi boýunça özarahereketleriň netijeliligi aýratyn bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, Eýranyň Mary şäherindäki Baş konsuly wezipesine bellenilmegi bilen baglylykdaky ýakymly arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Rasul Jafari bu sebitiň diňe bir syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem, iki doganlyk ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň