Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça Permana gol çekdi

23:4219.09.2019
0
10859

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2019-njy ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly. Şeýle-de, çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan hem-de harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren uly ýaşly erkek raýatlary 2019-njy ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrmaly. Şu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär.


Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda çykaran №568 Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň goranmak ministrine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň içeri işler ministrine, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrine, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň