Arhiw

Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky gatnaşyklar täze derejä çykýar

13:4319.09.2019
0
3020
Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky gatnaşyklar täze derejä çykýar

18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Nil MakKeýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen belläp geçdiler we ýurdumyzda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda hereket edýän taslamalara, şeýle hem ÝTÖB-nyň 2019 – 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça strategiýasyna seredip geçdiler.

Taraplar şeýle-de sebitdäki durmuş-ykdysady ýagdaýy boýunça hem pikir alyşdylar. Durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagynda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän tagallalar aýratyn bellenilip geçildi, şu ýylyň awgustynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr we bu çärä ÝTÖB-nyň Wise-prezidenti gatnaşandyr. Türkmenistan bilen ÝTÖB-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga mahsus bolan özara ynanyşmagyň ýokary derejeliligini bellemek bilen duşuşyga gatnaşyjylar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem dowam etdirilmegine ynam bildirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň