Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-German hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

13:2219.09.2019
0
3884

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Naýthart Hýöfer-Wissing bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň «Ýol kartasynyň» ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde ýokary derejeli saparlaryň möhüm orun eýeleýändigi, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň netijeliligi bellenilip geçildi. Taraplar özleriniň global gün tertibiniň derwaýys meselelerine garaýyşlarynyň birmeňzeşligini belläp geçdiler, bu bolsa abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde durmuşa geçirilýän üstünlikli hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapýandyr. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda beýan edilýär.

Habar berilmegine görä, diplomatlar duşuşygyň barşynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-German Iş toparynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar we ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň mümkinçilikleriniň üstünde durup

geçdiler. Şeýle-de taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada hem gürrüň etdiler. Köp ýyllaryň dowamynda bilelikdäki medeni çäreler guralýar we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

GFR-yň Türkmenistandaky Ilçisi ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen bagly mähirli gutlaglary üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirip, türkmen-german gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem berkidilmegine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň