Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda himiki metaldan bezeg önümleri öndürilip başlandy

23:2418.09.2019
0
4602

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda himiki metaldan bezeg önümlerini öndürýän sebitde ilkinji kiçi kärhana ulanmaga berildi. Ol Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy E.Atamyradowa degişlidir. Bu ýerde çykarylýan metal önümleri, dürli bezeg önümleri, çoýun önümleri we beýlekiler ýaşaýyş jaýlaryny hem-de beýleki desgalary gurmakda peýdalanmaga niýetlenendir ― diýip, TDH habar berýär.

Daşary ýurtlaryň meşhur öndürijileriniň ýokary öndürijilikli ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilen kärhananyň kuwwaty ýylda 6 müň 552 tonna önüm çykarmaga barabardyr. Önümçilik bölüminden başga-da, taýýar önümi saklamak üçin ammar, dükanlar, işçiler üçin naharhana toplumyň düzümine girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň