Soňky habarlar

Arhiw

"Tansyň jadysy" halkara festiwalda türkmen topary birinji orny eýeledi

22:3016.09.2019
0
1793
"Tansyň jadysy" halkara  festiwalda türkmen topary birinji orny eýeledi

Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde 14 - 16-njy sentýabr aralygynda geçirilen "Tansyň jadysy" aýdym-saz festiwaly şowhunly gala-konsert bilen tamamlandy. 

Bu gün festiwalyň birinji güni geçirilen tansly çykyşlaryň gözden geçirilişiniň jemi jemlendi. 

Dünýäniň ençeme ýurdundan gelen aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlaryndan düzülen eminler toparynyň çykaran netijesine görä, Türkmenistanyň topary birinji orna mynasyp boldy. Şeýlelikde, türkmen sungat ussatlary 2 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragyna we festiwalyň degişli diplomyna mynasyp boldy.

Festiwalda Türkmenistandan Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň "Dessan" folklor tans topary küştdepdi tansy bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Guwanç Otuzow we Dursunjemal Gazakowa türkmen milli aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

 

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň