TÝL ― 2019: «Ahal» möwsümde dördünji gezek garşydaşlaryny uly hasap bilen ýeňdi

18:1416.09.2019
0
1005

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Ýokary liganyň 18-nji tapgyrynda Marynyň «Energetik» futbol toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş Röwşen Meredowyň şägirtleriniň möwsümde dördünji uly hasaply ýeňşidir.

Has takygy, 3-nji tapgyrda «Nebitçini» 3:0, 6-njy tapgyrda «Merwi» hem 3:0 hasabynda ýeňen «Ahal» 15-nji tapgyrda ýene-de «Nebitçiden» 5:0 hasabynda üstün çykdy. Bu gezekki duşuşyk bolsa şu möwsümde iň uly aratapawut bilen tamamlanan üçünji oýun boldy. Möwsümiň rekordy 12-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» ― «Merw» duşuşygyna degişlidir. Şol duşuşykda «Altyn asyryň» futbolçylary garşydaş derwezä jogapsyz pökgüleriň 6-syny geçiripdiler. Ikinji orunda bolsa 15-nji tapgyrdaky «Ahal» ― «Nebitçi» (5:0) duşuşygy bar.

Ýeri gelende aýtsak, «Ahal» şu möwsümdäki uly ýeňişleriniň ählisini öz meýdanynda gazandy. Bu gezekki ýeňiş bolsa Röwşen Meredowyň şägirtlerini ýaryş tertibinde ikinji orna çykardy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň