Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: 11-nji goluny geçiren «11-lik» netijeli futbolçylaryň sanawynda 1-nji

17:3416.09.2019
0
1026

Durşuna «1-lik» bolup duran bu habar «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Ahal» futbol toparynyň hem-de Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Didar Durdyýew bilen bagly. Hüjümçi Ýokary liga berlen arakesmeden soňra geçiren ilkinji duşuşygynda tapawutlanyp, çempionatda iň netijeli futbolçylaryň sanawynyň çür başyna çykdy. Möwsümde 11-nji pökgüsini geçiren Didar Durdyýew iň ýakyn bäsdeşi ― «Altyn asyrdan» Altymyrat Annadurdyýewden bir gol öňde.

Möwsümiň başynda hem biz Didar Durdyýewiň netijeli oýunlary hakynda birnäçe ýola ýazypdyk. Çünki ol ilkinji tapgyrlarda netijeli futbolçylaryň sanawynda ýeke-täk liderdi. Ýöne soňky tapgyrlarda Altymyrat Annadurdyýew onuň bilen deňleşdi. Hatda käbir tapgyrlarda öňe-de geçdi. 18-nji tapgyrda bolsa «Ahalyň» hüjümçisi ýene-de ozalky ornuna dolandy. Şol tapgyrda «Ahalyň» «Energetigi» 4:0 hasabynda ýeňendigini hem ýatladýarys.

26 ýaşly hüjümçi 2014-nji ýylda «Altyn asyryň» düzüminde çykyş edýärkä, möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolmagyň hem hötdesinden gelipdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň