Soňky habarlar

Arhiw

Futbol: Türkmenistanyň Ýaşlar ligasynda dokuzynjy tapgyryň duşuşyklary geçirildi

12:0916.09.2019
0
3533

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 9-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Bu tapgyryň duşuşygynda myhmançylykda “Ahal II” toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykan “Altyn Asyr II” topary ikinji orun bilen aratapawudyny artdyrmagy başardy. Çempionlyk ugrunda onuň esasy bäsdeşi “Köpetdag” topary bu tapgyrda utuk ýitirdi. “Köpetdagyň” futbolçylary myhmançylykda “Şagadam” II topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Şeýlelikde, geçirilen 9 tapgyrdan soň 27 uruk toplan “Altyn Asyryň” ýaşlar düzümi birinji orny eýelemegini dowam edýär. 19 utugy bolan “Köpetdag” II topary ikinji orny eýeleýär.

10-njy tapgyryň duşuşyklary 22–nji sentýabrda geçiriler.

 Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Merw II” – “Nebitçi II”  – 2:0

“Şagadam II” – “Köpetdag II” – 0:0

“Energetik II” – “Aşgabat II” – 6:2

“Ahal II” – “Altyn Asyr II”  – 1:3

Ýaryş tertibi:

1. «Altyn asyr II» 9/27

2.  «Köpetdag II» 9/19

3. «Energetik II» 9/13

4. «Şagadam II» 9/12

5. «Nebitçi II» 9/10

6. «Aşgabat II» 9/8

7. «Merw II» 9/8

8. «Ahal II» 9/5.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň