Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri 8 aýda halkara ýaryşlarda 186 medal gazandylar

11:5916.09.2019
0
3470

Şu ýylyň 8 aýynyň dowamynda Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty hem-de olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy.

Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna, Aşgabatda geçiriljek sambo we welotrek boýunça dünýä çempionatlaryna hem-de futzal boýunça Aziýa çempionatyna düýpli taýýarlyk görmek işleri dowam etdirilýär.

Degişli döwürde türkmen türgenleri dürli derejeli halkara ýaryşlarynyň
121-sine gatnaşyp, jemi 186 medal (68 altyn, 57 kümüş we 61 bürünç) gazandylar.

Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji sentýabrdaky mejlisinde habar berildi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň